Bir aýagyňda tekgesiz 30 sekunt durmak 60 we ondan ýokary ýaşly adamlaryň saglyk ýagdaýynyň oňatdygyny görkezýär. Bu barada Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugynyň toplumlaýyn çemeleşmeler bölüminiň direktory Selina Lim «Metro» neşirine interwýusynda gürrüň berdi.
Hünärmeniň sözlerine görä, bedeniň garramagyň barşynda ilkinji nobatda deňagramlylyk duýgusy peselýär. «65 ýaşdan soňra adamlaryň köpüsine hatda birnäçe sekunt deňagramlylygy saklamak kyn düşýär. Bu ýykylmak töwekgelçiliginiň artmagy, özbaşdaklygyň ýitirilmegi we ölümliligiň ösüşi bilen baglydyr» diýip, Lim belledi.
Hünärmen muny barlamak üçin elleri biliňe diräp, bir aýakda durmagy teklip etdi. Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugynyň maglumatlaryna görä, 18-39 ýaş aralygyndaky adamlar şeýle ýagdaýda ortaça 43 sekunt, 40-49 ýaşdakylar — 40 sekunt, 50-59 ýaşlylar — 37 sekunt, 60–69 ýaşdakylar 30 sekunt, 70-79 ýaşlylar —18 sekunda çenli we 80-den soňra 5 sekunda çenli saklamaga ukyplydyrlar.
