Bütin dünýäden Italiýa barýan syýahatçylar ýurduň Skanno ilatly ýerinde ýaşaýan 94 ýaşly zenan bilen surata düşmek üçin yhlas edýärler. Munuň sebäbi garry enäniň täsin egin-eşigidir diýip, CNN teleýaýlymy habar berýär. Margarita Çiarletta diýen garry aýal bu ülkäniň däbine laýyk geýinýän ýeke-täk zenandyr.
Margarita ene barada sosial torlardaky wideoşekillerden bildiler. Indi daşary ýurtlular onuň bilen ýadygärlik surata düşmek üçin ýörite Skannä gelýärler. Pensiýadaky zenan jahankeşdeleriň özüni gözläp beýleki ýaşaýjylary biynjalyk edýändiklerini gürrüň berýär. Ol bu egin-eşigi 18 ýaşyndan bäri geýýändigini, emma onuň hiç wagtam adamsyna ýaramandygyny aýdýar.
«Rg.ru» neşiri Çiarlettanyň: «Bular meniň günde geýýän adaty köýneklerim» diýen sözlerini getirýär.
