Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzasy bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 15 — 25-nji sentýabr aralygynda «Sport we ýaşlar — sagdyn jemgyýetiň binýady» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýaryşlar türgenler üçin halkara oýunlara taýýarlygyň bir tapgyry bolup durýar. Ýaryşlar woleýbol, basketbol we futzal görnüşleri boýunça geçirilýär.
Sport ýaryşlarynyň dowamynda Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) wekiliniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum geçirildi.
