Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 435 müň dollaryndan gowrak boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň telekeçilerine buýan köküniň goýy ekstrakty, gazlandyrylan mineral suw we alkogolsyz gazlandyrylan içgiler ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 62 million 500 müň manada deň bolan nebit ýol bitumyny we polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
