Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň nurana senesini hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Aýdym-sazly dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işleri beýan edýän çykyşlar, edebi-sazly kompozisiýalar, halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirildi.
Ýurduň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.
Meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Konsertiň dowamynda tans toparlarynyň ýokary çeperçilikde ýerine ýetiren tanslary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Şeýle-de konsertde milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, dessanlar we häzirki zaman eserleri ýaňlandy, Watany, onuň gözelligini we kuwwatyny wasp edýän özboluşly aýdym-sazly, tansly çykyşlar ýerine ýetirildi. Ýurduň meşhur döredijilik toparlary, belli halk aýdymçylary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak ýoluny wasp eden watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.
