Amerikaly işewür Ilon Maskyň «Neuralink Corp» kompaniýasy öňdäki oktýabrda adamyň pikirini tekste öwürmäge mümkinçilik berjek implantlaryň synagyna başlamagy meýilleşdirýär diýip, «Bloomberg» agentligi habar berdi.
Agentligiň habaryna görä, eýýäm 2030-njy ýylda kompaniýa öz enjamlaryny sagdyn adama ornaşdyrmaga umyt edýär, bu bolsa kompaniýanyň işinde has öňegidişlik bolar. Häzir «Neuralink» enjamlary diňe agyr keselli adamlarda synag edýär.
Ýene 3 — 4 ýyldan kompaniýanyň pikir okaýan çipleri oturdylan sagdyn adam peýda bolar diýip, ady tutulan kompaniýanyň ýolbaşçysy Geljegi uly ylmy barlaglaryň Koreý gaznasynyň Seul şäherinde geçen maslahatynda belledi.
ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik boýunça edarasy «Neuralink» kompaniýasyna şeýle synaglary geçirmäge rusgatnama berdi.
