Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Malaýziýanyň Multimedia uniwersiteti bilen Malaýziýanyň ýaş alymlar assosiasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi – 2025 (WSDG 2025) atly halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň talyplary bu bäsleşige onlaýn görnüşde gatnaşyp, iň ýokary baýraklara mynasyp boldular.
Bu abraýly bäsleşige dünýäniň 15 döwletinden — Malaýziýadan, Indoneziýadan, Taýlanddan, Filippinlerden, Bangladeşden, Rumyniýadan, Braziliýadan, El-Salwadordan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Bosniýa we Gersegowinadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Müsürden, Hindistandan hem-de Palestinadan 2100-den gowrak ylmy iş gatnaşdy.
Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki inžiniring taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow tarapyndan taýýarlanan «Durnukly ösüş üçin «ýaşyl» sement öndürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy iş altyn medala hem-de bäsleşigiň iň ýokary baýragy bolan «WSDG Innovation Grand Award» baýragyna mynasyp boldy. Bu ylmy işde häzirki zaman gurluşyk senagatynda giňden peýdalanylýan sement önümçiliginiň ekologiýa taýdan täsirini azaltmak, energiýany tygşytly ulanmak we tebigata zyýansyz önümçilik usullaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ylmy esaslar işlenip düzülendir. Ýaş alymyň bu işine dünýäniň öňdebaryjy ylmy guramalary tarapyndan hem ýokary baha berlip, durnukly ösüş ugurlarynda möhüm çözgüt hökmünde ykrar edildi.
Bäsleşige uniwersitetiň himiki tehnologiýa taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow hem-de himiki inžiniring taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Jemal Şaripowa tarapyndan taýýarlanan «Senagat galyndysy bolan fosfogipsden arassa gips almagyň innowasion tehnologiýasy» atly ylmy işi hem gatnaşdy. Bu iş hem eminler tarapyndan ýokary baha altyn medala we bäsleşigiň ýörite baýragy bolan «Best Innovation Sustainable Award» baýragyna mynasyp boldy. Bellenilişi ýaly, fosfor dökünini öndürilende galyndy bolup galýan fosfogips senagat galyndysy hökmünde daşky gurşaw üçin zyýanly maddalaryň biri hasaplanýar. Bu ylmy işde bolsa, fosfogipsden arassa gurluşyk gipsini almagyň ykdysady taýdan amatly we ekologiýa taýdan zyýansyz netijeli usuly işlenip düzüldi. Bu bolsa, senagat galyndylarynyň gaýtadan işlenmeginiň hem-de ykdysady taýdan peýdaly önümlere öwrülmeginiň täze ýoludyr diýlip, habarda bellenilýär.
