Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Özbegistandan amala aşyran importyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,9 million amerikan dollary möçberinde artdyrdy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berýär.
Hasabat döwründe türkmen-özbek söwda dolanyşygy 677,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 581,6 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Degişli döwürde türkmen bazaryna Özbegistandan import edilen harytlaryň we hyzmatlaryň umumy bahasy bolsa 96,2 million amerikan dollaryna ýetdi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 78,3 million amerikan dollara barabar bolupdy.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 8 aýynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 51,4 milliard million amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 28 milliard 453 milliony importyň, 22 milliard 981 milliony bolsa eksportyň paýyna düşýär.
