«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti potolok bezegi üçin häzirki zaman çözgütlerini — asma potoloklary, öý hem-de söwda-täjirçilik binalary üçin amatly gurluşlary hödürleýär. Bu potoloklar içki bezegi tertipli we doly görnüşe getirýär, şol bir wagtyň özünde elektrik we aragatnaşyk simleridir kabelleri gizleýär, ses izolýasiýasyny üpjün edýär, gurnama işini ýeňilleşdirýär.
«Ak Bulut» kompaniýasy dürli görnüşli potoloklary teklip edýär:
- nusgawy we häzirki zaman panelleri;
- çyglylyga durnukly we ýük göterijiligi kuwwatly materiallary;
- özboluşly dizaýn täsirini döredýän bezeg gurluşlaryny.
«Ak Bulut» kompaniýasynyň asma potoloklarynyň artykmaçlyklary:
- uzak möhletleýin ulanylyş we ýokary hilli materiallar;
- gurnamasynyň aňsatlygy we çalt sökmek mümkinçiligi;
- islendik içki bezeg stiline laýyk reňkleriň, fakturalaryň we şekilleriň giň görnüşi;
- funksionallyk: elektrik geçirijileri, howa çalşygy ulgamlary we beýleki kommunikasiýalar üçin amatly gizlinlik.
Potoloklaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat almak üçin «Ak Bulut» ykjam goşundysyna ýüz tutup bilersiňiz. Goşundynyň içinde potologyň meýdanyny we degişli profilleri hem-de aksessuarlary hasaplamak üçin ýörite hasaplaýjy-kalkulýator hem elýeterlidir.
«Ak Bulut» kompaniýasynyň asma potoloklary bilen rahat we stil taýdan sazlaşykly giňişlik dörediň — ol amatly, owadan hem ygtybarlydyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 754243 / 754244
(+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +99362 14 00 44
Baş edarasy we sergi otagy:
Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, j. 29/1, 3-nji gat
Önümçilik merkezi:
Asma potoloklar we profil ulgamlary üçin zawod we ammary – Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby;
Gipsokarton, BOARDLINE panelleri we gury gurluşyk garyndylary üçin zawod we ammary – Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň etegi.