1,5 milliard ilatly Hindistanda owadan VIP-awtoulag belgileri islegiň kändigi bilen baglylykda, ummasyz pula satylýar. Emma olar az sanly baý hindiler üçin elýeterli diýip, «rg.ru» ýazýar. Baý hindiler özleriniň jemgyýetde eýeleýän derejesini köp gatnawly köçelerde mazamlamak üçin belgileri satyn almaga höwes bildirýärler.
Munuň üçin olara ýurduň Ýol ulagy we tiz ýollar boýunça ministrligi tarapyndan edara edilýän ýörite «Parivahan.gov.in» portalynda bellige durmak gerek. Hasaba alnyş ýygymyny töläp, isleýän belgiňi saýlamaly, soňra bolsa elektron söwdalaşyga gatnaşmaly. Has köp pul teklip eden arzyly belginiň eýesi bolup bilýär.
Habarda Hindistanda «0001», «9999» we «7777» belgileriň müşderisiniň has kändigi bellenýär. Ýurduň ilatynyň musulman böleginiň wekilleri bolsa, bagtly hasap edilýän «0786» belgä has isleg bildirýärler. Olar bu belgi üçin 200 müň rupiýa tölemäge-de taýýar.
