Russiýa Federasiýasy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen energetika, senagat, sanlylaşdyrmak, ulag-logistika we beýleki köp ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly geljegi bar diýip hasap edýär. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň başlygy Sergeý Lawrow düýn – annada RF-niň DIM-niň Iş geňeşiginiň ýygnagynda aýtdy diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Ministr şeýle hem Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky jemi haryt dolanyşygynyň ýylda 45 milliard dollardan geçýändigini nygtady.
Ol oktýabrda Duşenbe şäherinde geçjek «Russiýa-Merkezi Aziýa» sammitini ýatladyp: «Ol ýerde alty döwletiň Baştutanlary Russiýany hem goşmak bilen, özara gatnaşyklaryň ähli toplumyny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler» diýdi.
