Günorta Koreýada soňky ýyllaryň iň geň kazyýet işi gidýär. Aýyplanýanyň ornunda logistika kompaniýasynyň adaty işgäri, ol iş ýerindäki ýahdandan (holodilnikden) birje pirožnoýe hem-de kremli bulkajyk alyp iýipdir. Onuň bu jenaýaty üçin «çekilen zyýanyň» bahasy bir müň wona deň diýip, «rg.ru» ýazýar. Indi koreýalyny ogurlykda aýyplaýarlar, aslynda ol hemmelere elýeterli bolan holodilnikden pirožnoýe hem-de bulkajyk alyp iýipdir.
Emma düzgün diýeniň düzgün bolýar: iş kazyýete baryp ýetdi, aýyplanýan hatda garşylyklaýyn şikaýat hem bermäge ýetişdi. Kazyýet seljerişliginde çykyş edenleriň hemmesi-de bu garalýan işiň wagt sarp edeniňe degmeýändigine düşünýäne meňzeýärdi. Çonžu şäheriniň ýadaw kazysy işiň subutnamalaryna seredip, özüni saklap bilmän: “Biziň onsuzam günümiz meňki bolsun diýer ýaly däl, ine, muňa serediň-ä... Şeýle bolgusyz işe garap oturara biziň başga dert-aladamyz ýokdur-ow?” diýdi. Onuň halys ýürekden zeýrenip aýdan bu sözlerine zalda oňaýsyz gülki ýaňlanyp gitdi.
Aklawçy hem saklanyp bilmedi, oda nepýag guýdy: “Eger ol, hakykatdanam, ogurlamakçy bolan bolsady, tutuş gutusyny çilerdi ahbetin!” Garaz, kazynyň öňünde mas tutup ýatan kagyzlar iki sany bolgusyz köke üçin munça kelle agyrdyp, kagyz zaýalanyňa degmeýärdi.
Her niçigem bolsa, kanun kanun bolýar. Birinji kazyýet garalyşynda aýyplanýana 50 müň won jerime ýelmediler. Emma oktýabrda işe ikinji kazyýet ýygnagynda garalar, onda «Jenaýat netijesinde iýlen kökeler, hakykatdanam, ogurlykmy ýa-da garbanmak üçin iýiläýen zatlarmy?» diýen meselä serediler.
