17-nji sentýabrda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk, parahatlyk merkezi sen, Türkmenistan» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çärä ýurduň ugurdaş düzümleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň özeninde duran hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerine we parasatly durmuş filosofiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, adamzadyň abadan geljegine gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwrüň möhüm meselelerini çözmekde döwletleriň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň, bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilmeginiň ähmiýeti barada durlup geçildi.
Şeýle hem çykyş edenler ýurduň maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly ösýändigini bellediler. Içerki maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy esasynda ilatyň degişli isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply bank hyzmatlary yzygiderli ýola goýulýar. Munuň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine we halkara bank ulgamynyň düzümine goşulyşmagyna ýardam edýändigi nygtaldy.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wekilleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara hem orun berildi.
