Hytaýyň «China Eastern Airlines» awiakompaniýasy dünýäde iň uzak gatnaw uçuşyny – Şanhaýdan Buenos-Aýrese göni uçuşy amala aşyrar. Ol 25 sagat dowam eder. Ilkinji gatnaw şu ýylyň 4-nji dekabryna meýilleşdirilýär. Bu barada «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi.
Uçuş diňe bir gezek Oklendde (Täze Zelandiýada) iki sagatlyk üstaşyr gonuş eder. Bu diňe bir Hytaý bilen Argentinanyň däl, goňşy döwletler Çili bilen Urugwaýyň arasynda hem iň amatly uçuş bolar.
«China Eastern» awiakompaniýasy bu gatnawy «Boeing 777-300ER» kysymly uçarda amala aşyrar.
Yza gatnaw uçuşynyň göz öňünde tutulýan dowamlylygy 29 sagada golaý bolar diýlip, habarda bellenýär.
