Noýabr aýynda Dubaýda dünýäde iň beýik oteliň açylyşy bolar. Bu barada ýerli Hökümetiň metbugat gullugyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Habarda Dubaýyň täze nyşany boljak «Ciel Dubai Marina» oteliniň noýabrda dabaraly açyljakdygy, 82 gatly myhmanhananyň beýikliginiň 377 metre deň boljakdygy bellenýär.
Häzirki wagtda dünýäde iň beýik otel hem Dubaýdaky «Gevora» myhmanhanasydyr, onuň beýikligi 356 metr.
