Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini, ýurtda durmuşa geçirilýän giň möçberli syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer özgertmeleri şöhlelendirýän bu forum her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär diýip, TDH ýazýar.
Sergide Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurduň welaýatlarynyň häkimlikleriniň diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy. Her pawilýon diňe bir sergi meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň şäherleriniň we sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýanydyr. Olarda ýerleşdirilen monitorlarda sebitleriň özboluşly aýratynlyklaryny, senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny şöhlelendirýän şekiller görkezilýär.
Gözden geçirilişde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň, innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirildi. Şunda nebitgaz toplumynyň pudaklaryna aýratyn orun berildi.
Sergä «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem gatnaşýar.
Gözden geçirilişde söwda toplumynyň garamagyndaky düzümlere möhüm orun berilýär. Bu ýerde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, welaýatlaryň Alyjylar jemgyýetleri, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda et, süýt, unaş we konditer önümleri, ösümlik ýaglary, çagalar iýmiti, balyk önümleri, ter miweler, gök önümler, guradylan miweler, ary baly we beýlekiler bar. Şol önümleriň halkara standartlaryň ekologik, estetik talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we bezelendigini bellemek gerek. Bu ýerde azyk önümçiligine ýöriteleşen hususy kärhanalar hem öz harytlaryny hödürleýärler. Şolaryň hatarynda «Hasar», «Täze Aý», «Ýüpekçi», «Parahat», «Tomus», «Bars» ýaly önüm öndürijiler bar.
Şeýle hem sergide söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan üstünlikleri, dürli görnüşli harytlaryň satuwy boýunça ýöriteleşen dükanlaryň guraýan işi bilen tanyşdyrylýar.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi hem-de täjirçilik banklarynyň diwarlyklary-da sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.
Dokma senagaty ministrligi milli ykdysadyýetiň esasy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini — pagtadan we ýüpekden taýýarlanylan ýokary hilli önümleri görkezýär. Şolaryň hatarynda ministrligiň garamagyndaky dokma toplumlarynda öndürilýän «Gala», «Bedew», «Miras», «Jeýtun», «Nusaý», «Bürgüt» haryt nyşanly nah, ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri bar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklary hem myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.
Şu gezekki serginiň möhüm aýratynlygy onuň ruhy-medeniýet hem-de aň-bilim ugurlaryny-da öz içine alýandygyndan ybaratdyr.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurduň ýokanç keselleriň birnäçesini aradan aýyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalary, derman önümlerini, dürli enjamlary, tebigy kosmetiki serişdeleri görkezýär.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň lybaslarynyň dabaraly görkezilişi hem guraldy. Sergi 20-nji sentýabrda öz işini tamamlar.
