Tanymal kanadaly aktýor, «Matrisa» we «Jon Uik» filmleriniň ýyldyzy Kianu Riwz suratkeş zenan Aleksandra Grant bilen gizlin nika baglaşmak dabarasyny geçirdi. Bu barada çeşmä salgylanýan «Комсомольская правда» habar berdi.
Gazetiň maglumatlaryna laýyklykda, Riwz Grant bilen 2009-njy ýylda «Bagtyň waspnamasy» atly kitaby ýazýarka tanşypdyr.
Aleksandra Eni Grant 1973-nji ýylyň 4-nji aprelinde ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Ferwýu-Park şäherinde doglupdyr. Ol zehinli nakgaş hökmünde tanalýar, eserleri Amerikanyň iri muzeýlerinde sergilenýär.
