Hytaýyň Çançun şäherinde awiaşowhuna taýýarlyk görülýärkä, asmanda iki uçýan awtoulag çaknyşdy. Wakanyň wideosy sosial torlarda çap edildi diýip, «CarNewsChina» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Ýagny «Xpeng Aeroht» kompaniýasynyň iki sany uçýan awtoulagy howada bir-birine urlup, ýere gaçdylar.
Emele gelen ýangyny birnäçe ýangyn söndüriji maşyn öçürdi. Adatdan daşary heläkçilikde bir adam janyna howp salmaýan şikes aldy.
2013-nji ýylda esaslandyrylan «Xpeng Aeroht» kompaniýasy uçýan enjamlary işläp düzmek bilen meşgullanýar. Onuň enjamlary dünýäde yzygiderli geçirilýän awiaşowhunlara gatnaşýar.
