Türkmenistanda et we şöhlat önümleriniň öňdebaryjy öndürijisi bolan «Täze Aý» kompaniýasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisindäki diwarlygynda önümleriniň giň görnüşini görkezýär. Sergide hödürlenýän önümleriň arasynda täze şöhlat önümleriniň görnüşleri — «Talyp», «Büzmeýin» we «Hindiguş» atly tagamlar aýratyn orun eýeleýär. Myhmanlaryň ünsüni aýratyn çekýän önüm bolsa uzynlygy takmynan bir metr we agramy 35–40 kilogram aralygynda bolan rekord derejeli uly şöhlatdyr.

Mundan başga-da, sergä gelenler kompaniýanyň täze hödürleýän balyk önümleri bilen hem tanşyp bilerler.
Türkmenistanyň azyk harytlary bazarynda eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän «Täze Aý» kompaniýasy 2004-nji ýylda birnäçe iri kärhanalaryň birleşmegi netijesinde döredildi. Häzirki wagtda bu kompaniýalar topary şöhlat we et önümlerini öndürmekde, şeýle hem işjeň halkara miwe söwdasyny alyp barmakda ýurduň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň biridir.
Kompaniýa öz iş çygrynda dünýäniň dürli künjeginde ýetişýän ter, ýokary hilli miweler bilen üpjünçiligi giňeltmegi dowam etdirýär. Häzirki wagtda «Täze Aý» Türkmenistanyň ähli künjegine ýokary hilli miweleri eltmek bilen, ýurduň bäş sebitini ter önümler bilen üpjün edýär. Kompaniýanyň esasy ähmiýet berýän wezipesi — hasyl ýygnamakdan başlap ahyrky sarp edijä çenli her tapgyrda miwesiniň ter bolmagyny we tagam hilini saklamakdyr. Önümleri saklamagyň we daşamagyň döwrebap tehnologiýalary, sowadyjy enjamlar hem-de ýörite şertler olaryň dükanlaryň tekjelerinde ýokary hilli bolmagyny üpjün edip, terlik möhletini uzaldýar.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 18 — 20-nji sentýabr aralygynda Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Sergi myhmanlar üçin her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli açykdyr. Kompaniýanyň önümleri barada has giňişleýin maglumat üçin «Täze Aý» kompaniýasynyň diwarlygyna baryp görüň.