Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Liýa Şutkewer Ispaniýada geçen bäsleşikde uly bolmadyk 40 tagamdan ybarat «Uly iňlis ertirligini» 6 minut 45 sekuntda iýip, ýeňiş gazandy. Bu barada «aif.ru» neşiri habar berdi.
Gyz bu ýaryşa britan erkekleri ýeňlenden soňra gatnaşmak pikirine geldi. 35 ýaşly gyzyň agramy 69 kilogram. Öz aýtmagyna görä, ol basleşikden öň 16 sagatlap aç bolupdyr.
«Britan erkekleri hemmeleriň ynamyny ödemediler, şonuň üçin men ýaryşa gatnaşyp, başarnygymy görkezmeli boldum» diýip, ýeňiji gyz gürrüň berýär.
