Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş guramanyň agza ýurtlaryna hatynda 2026-njy ýylda 2025-nji ýyldakydan 15 göterim azaltmagy teklip etdi. Bu barada BMG-niň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Guterriş hatynda serişdeleri paýlamak seljerilende, BMG-niň Düzgünnamasynyň üç esasy sütüniniň: parahatçylygyň we howpsuzlygyň, adam hukuklarynyň hem-de durnukly ösüşiň arasyndaky sazlaşygyň göz öňünde tutulandygyny habar berdi.
Serişdeleri kemeltmek şeýle hem parahatçylyk dörediji iş toparlaryny goldamagyň býujetine hem galtaşar.
Galyberse-de, käbir wezipeleri Nýu-Ýorkdan we Ženewadan has arzan ýerlere göçürmek göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, BMG 2027-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky binalaryň ikisini kärendesine almagy bes etmegi meýilleşdirýär.
Günbatar habar beriş serişdeleri BMG-niň eýýäm birnäçe ýyl bäri maliýeleşdirmek bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýändigini ýazýarlar. Bu ýurtlaryň hemmesiniň guramany saklamak boýunça serişdeleri doly möçberde geçirmeýändigi bilen baglydyr. Birgiden halatlarda serişdeler gijikdirilip geçirilýär.
