Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky Balkan kän müdirligi tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri 31 million 275 müň manatlyk magdan däl serişdeleri öndürildi. Netijede bellenilen meýilnama 103 göterim berjaý edildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, geçen hasabat döwründe hem 1 million 711 müň kub metre golaý magdan däl serişdeleri taýýarlanyp, degişli buýurmalar boýunça ugradyldy. Şeýle-de düzüminde demir magdany bolan dag jynsyny taýýarlamakda oňat netijeler gazanylyp, önümçilik meýilnamasy 111 göterim ýerine ýetirildi. Kärhanada keramiki kerpiji we diwar beton daşyny öndürmekde-de ýokary ösüşler üpjün edildi.
Balkan kän müdirliginiň önümleri Türkmenistanyň çar künjeginde alnyp barylýan möhüm gurluşyklara buýurmalar esasynda awtomobil we polat ýollar arkaly yzygiderli ugradylyp durulýar.
