Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan ýokary derejede guralan bäsleşik iki tapgyrdan ybarat boldy. Onuň birinji tapgyrynda Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar boýunça deslapky bäsleşikleriň ýeňijileri seçilip alyndy. Bäsleşigiň netijelerini emin agzalary toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatik usulda, ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlediler.
Bäsleşikde 1-nji orna Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Gyzylgül Muhammetnazarowa, 2-nji orna Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Esenowa hem-de Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Güljahan Atamyradowa mynasyp boldy.
Babadaýhan etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Annarejep Kakamyradow, şeýle-de Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Arzuw Seýitkulyýewa hem-de Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Nurmyradow dagy 3-nji orny eýelediler.
Ýeňiji bolan okuwçylar 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, şeýle hem oňat netije gazananlar Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
