Nigeriýaly meşhur aşpez Hilda Bassi Effiong (Hilda Baçi) ýene-de rekord goýup, Ginnesiň kitabyna girdi. Ol bu gezek agramy 8780 kilogram bolan jollof tagamyny (pomidorly we soganly ýakymly ysly tüwi) taýýarlady diýip, «Belta.by» portaly habar berdi.
Çäre ýurduň Lagos şäherindäki otelleriň birinde boldy. Kän möçberdäki tagam Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan resmi bellige alyndy. Bu barada kitabyň sosial tordaky sahypasynda resmi habar berdiler.
Hilda Baçi diýen at bilen tanalýan nigeriýaly aşpez 2023-nji ýylda iň uzak dowam eden nahar bişirmek ýaryşynda ýeňiji bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi. Ol her biri 30-35 adama niýetlenen 100 sany gazanda tagam taýýarlamak üçin 100 sagady plitanyň başynda geçirdi. Ol şonda 35 dürli nahar taýýarlady.
