Braziliýanyň iň ullakan zümerret daşlarynyň biri 365 million dollar baha kesilip, söwdalaşyga çykaryldy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Agramy 241 kg bolan gymmat daşy ýurduň Baiýýa ştatynyň Karnabia diýen iri käninden tapdylar.
Şeýle oňat saklanan uly zümerredi tapmak seýrek başardýar. Bu zümerret uly maliýe özüne çekijiligi bolan tebigy baýlykdyr diýip, söwdalaşyk öýi habar berdi.
Karnaiba ýatagy diňe bir Braziliýada däl, eýsem, tutuş dünýäde iň iri zümerret gazylyp alynýan ýerdir. Ondaky ilkinji käni 1960-njy ýyllarda açdylar. Hünärmenler sebitde seýrek gymmatbaha daşlaryň emele gelmegi üçin özboluşly geologiki gurşawyň bardygyny aýdýarlar diýip, «WDAF-TV» teleýaýlymy habar berdi.
