ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalaryndan başlap «grin-kart» lotereýasyna gatnaşmak üçin bellige alyş tölegi hökmünde 1 amerikan dollaryny almak bilen başlar. Mundan ozal lotereýa üçin arza tabşyrmak mugt bolupdy — diýip, timelottery.ru saýty habar berýär.
Täze girizilen töleg lotereýanyň geçirilmegi bilen bagly dolandyryş çykdajylaryny ödemäge gönükdirilendir. Bu serişdeler kompýuter ulgamlaryny täzelemäge, gatnaşyjylaryň maglumatlaryny saklamaga we howpsuzlyk barlaglaryny geçirmäge ulanylar.
Amerikan edaralarynyň hasaplamalaryna görä, bellige alyş töleginiň girizilmegi federal býujetiň ýyllyk girdejisini 25 million dollara çenli artdyrar. Şol bir wagtyň özünde, lotereýa oýnalanda şowsuzlyk bolan halatynda hem tölegiň yzyna gaýtarylmajakdygy aýdylýar.
Bu üýtgeşmeden öň lotereýa gatnaşyjylar diňe ýeňiş gazanan ýagdaýynda resminamalary resmileşdirmek üçin 330 dollar töleýärdiler. Indi bolsa lotereýa gatnaşmak isleýän her bir adam arzasyny tabşyran wagty 1 dollar tölemeli bolar.
Boundless immigrasiýa agentligi sanly töleg ulgamlaryna çäkli elýeterliligi bolan dalaşgärler üçin mümkin bolan kynçylyklar barada duýduryş berýär.
