19-njy sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar Aşgabada geldiler. Olar howa we demir ýol menzillerinde myhmansöýerlik däbine eýerilip, duz-çörekli hem-de aýdym-sazly çykyşlar bilen mähirli garşylandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar «Aşgabat», «Sport» myhmanhanasynda ýerleşdirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, gatnaşyjylar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar şu gün Aşgaýadyň teatrlarynda sahna eserlerine, kinokonsert merkezlerinde çeper filmlere tomaşa ederler.
Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar akyldar şahyryň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky heýkeline gül desselerini goýarlar, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine baryp görerler.
