«Arkadag» futbol toparynyň baş tälimçisi Röwşen Muhadow AFK-2 Çempionlar ligasynyň öňümizdäki tapgyrynda ýeňil garşydaşlaryň bolmajakdygyny aýtdy.
AFK-2 Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynyň öňüsyrasyndaky metbugat ýygnagynda Özbegistanyň «Andižan» toparyna garşy geçiriljek ilkinji duşuşyk bilen baglylykda, Muhadow bu ýaryşyň ýokary derejesine ünsi çekdi.
«AFK-2 Çempionlar ligasynda ýeňil oýunlar bolmaz. Bu ýaryşda gowşak topar ýok. Sebäbi, bilşiňiz ýaly, bu ýaryşda Ronaldonyň topary hem bar (Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary – red.). Şonuň üçin hem biz ýeňil oýunlara garaşmaýarys» — diýip, «Arkadag» toparynyň tälimçisi belledi.
Tälimçi toparyň garşydaşy — «Andižan» bilen Özbegistan çempionatyndaky oýunlar arkaly içgin tanyşandygyny, güýçli we gowşak taraplaryny seljerendigini aýtdy. Muhadowyň bellemegine görä, toparyň fiziki taýýarlyk derejesi 100%diýen ýalydyr.
«Ertirki oýun janköýerler üçin uly baýramçylyk bolar. Geçen ýyl AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanyp, belent derejä çykdyk. Şu ýyl hem şol depginde dowam etmegi maksat edinýäris» — diýip, tälimçi sözüni dowam etdirdi.
«Arkadag» toparynyň ýarym goragçysy Mirza Beknazarow Türkmenistanyň ähli sebitlerinden janköýerleri topary goldamaga çagyrdy.
Belläp geçsek, «Arkadag» bilen «Andižanyň» duşuşygy şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de geçiriler.
