18-nji sentýabrda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagtynda Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Hökümet başlyklarynyň duşuşygy bolar diýip, bu ýurduň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda duşuşyga Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň, Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenowyň, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýewiň, Türkiýäniň wise-Prezidenti Jewdet Ýylmazyň, Özbegistanyň Hökümet başlygy Abdulla Aripowyň, şeýle hem TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewiň gatnaşjakdygy bellenýär.
Duşuşykda ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, ulag, sanlylaşdyrmak, energetika, oba hojalygy ýaly dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek maksady bilen, Türki döwletleriň guramasynyň işini kämilleşdirmek meselelerine garalar.
TDG-a Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe girýär. Wengriýa we Türkmenistan oňa synçylar hökmünde gatnaşýar. Guramanyň düýp edarasy Stambulda ýerleşýär.
Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.
