Türkmenistan şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Özbegistana okuw maksady bilen baran raýatlarynyň sany boýunça liderlik edýär. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe 3 197 sany türkmenistanly okuw maksatly goňşy ýurda barypdyr. Bu ugurda ikinji orun Hindistana (2 846), üçünji ýer Täjigistana (1 246) degişli.
Şol bir wagtyň özünde Özbegistana söwda we täjirçilik maksady bilen baran raýatlarynyň sany boýunça hem Türkmenistan ilkinji üçlükden ýer aldy. 2025-nji ýylyň 7 aýynda agzalan maksat bilen Özbegistana baran türkmenistanlylaryň sany 1 939-a deň bolupdyr. Bu ugurda birinjiligi Owganystan (236 989), ikinji ýeri Täjigistan (13 611) eýeläpdir.
