Täze ylmy barlaglara laýyklykda, 2025-nji ýylyň tomsunda Ýewropadaky adatdan daşary howa ýagdaýlar 43 mlrd ýewro möçberde gysga möhletli ykdysady ýitgi getirdi. 2029-njy ýylda bu ýitgileriň 126 mlrd ýewro çenli ýokarlanmagyna garaşylýar diýip, «The Guardian» neşiri habar berdi.
Mangeým uniwersitetiniň we Ýewropanyň Merkezi bankynyň hünärmenleri howa hadysalarynyň göni hem-de gytaklaýyn netijelerini hasaba aldylar. Täze ylmy barlaglaryň awtorlary adatdan daşary howa hadysalary bilen önümçiligiň ykdysady möçberiniň arasyndaky arabaglanyşygy öwrendiler.
Şunda adatdan daşary yssy howa şertlerinde gurluşykçylaryň iş sagadynyň kemeldilmegi ýa-da ulaglaryň sil joşgunlary wagty hereket tertbiniň bozulmagy ýaly ýagdaýlar hem hasaba alyndy. Ylmy barlaglarda yssy howadan, guraklykdan we sil joşgunlaryndan Kipriň, Gresiýanyň, Maltanyň we Bolgariýanyň has köp ýitgi çekendikleri bellenýär.
