9 — 12-nji sentýabr aralygynda Italiýanyň Milan şäherinde «Gastech 2025» atly halkara sergisi we maslahaty geçirildi. Çärä 150 ýurduň energetika pudagynyň 50 müňden gowrak wekili gatnaşdy. Oňa energetika ministrleri, «Shell», «TotalEnergies», «BP» we «ADNOC» ýaly iň iri nebit-gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Sergide energetika howpsuzlygy, suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) üpjünçiligi, uglerody azaltmak we arassa energiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, wodorod energetikasynyň ösdürilmegine, uglerody gazyp almak we saklamak tehnologiýalaryna, şeýle hem gaz pudagynda emeli aňyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
Maslahata gatnaşyjylar tebigy gazyň uzakmöhletleýin geljegine ynam bildirdiler. Bilermenleriň bellemeklerine görä, Aziýa bazary dünýäde gaza bolan islegiň esasy hereketlendirijisi bolup galýar. Bu ýagdaý bolsa taslama hökmünde öňe sürülýän TOPH gaz geçirijisi üçin Türkmenistana aýratyn ähmiýetlidir.
«Türkmen Energiýa Forum» guramasynyň wekilleri çärede işjeň çykyş edip, Ýewropadan, Ýakyn Gündogardan we Aziýadan gelen hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirdiler. Şeýle hem türkmen wekilleri halkara kompaniýalary 22 — 24-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmeli «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025» atly 30-njy halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrdylar.
Çäräniň guramaçylaryň maglumatyna görä, eýýäm 40 ýurtdan 300-den gowrak halkara wekil «OGT 2025-e» gatnaşjakdygyny tassyklaýar. Serginiň ähli meýdany öňünden doly bron edilipdir, bu bolsa dünýä işewürleriniň Türkmenistanyň energetika pudagyna ýokary gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
«OGT 2025» halkara maslahatynyň gün tertibine önümi paýlaşmak baradaky ylalaşyklar, uglewodorod pudagyndaky innowasiýalar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurduň energetika infrastrukturasyndaky ösüşlere gatnaşmak mümkinçilikleri giriziler.
