Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna koreý dili boýunça okuw kitaplarynyň 60-sy gowşuryldy.
Arzuw.news-iň berýän habaryna görä, okuw kitaplaryny gowşurmak Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäginde geçirildi.
Okuw kitaplary Sejong gaznasy tarapyndan işlenip düzüldi we koreý dili üçin okuw esbaplarynyň toplumyny öz içine alýar.
Täze okuw materiallary Türkmenistanyň institutynda koreý dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
