Hytaýly är-aýal täze doglan ogullaryna at dakmak barada jedelleşip aýrylyşdylar. Bu barada «Oddity Central» portalyna salgylanýan «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.
Iň täsin ýeri, çaga bir ýaşan hem bolsa, henizem atsyz. Munuň sebäbi onuň ene-atasynyň at barada ylalaşyga gelip bilmeýändikleridir. Dogluş şahadatnamasynyň ýokdugy sebäpli, çagany ýaşaýan ýerine ýazga goýup, lukmançylyk kartasyny berip bilenoklar, bu bolsa çaga hökmany sanjymlary almakda bökdençlik döredýär, onuň hukuklary bozýar diýlip, habarda aýdylýar.
Işe kazyýet goşulmaly boldy, ol ene-atany kesgitli wagtda çaga at dakmaga borçly etdi. Emma indi jedel resminamalaryň asyl nusgasynyň kimde saklanmalydygy barada gidýär. Ahyrsoňy dogluş hakda şahadatnama geljekde çaganyň ejesine bermek bilen, kazyýetde galdyrylmaly edildi.
