Iki ýüzden gowrak adamyň ölümine getiren «Air India» uçar heläkçiliginden soňra, hindi inženerleri howa gatnawlary ulgamynda hakyky özgerişlik döretjek çözgüt bilen tanyşdyrdylar. Pikir ilkibaşda hyýala gelmejek bolup görünýär, ýagny inženerler uçary tutuşlygyna äpet daşky howpsuzlyk ýassyklary bilen gurşamagy teklip edýärler. Hünärmenler şeýle çözgüdiň heläkçilik wagtynda ýüzlerçe adamy halas etjekdigini aýdýarlar diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.
Täze taslamanyň awtorlary Dubaýdaky Birla tehnologiýalar we ylym institutynyň inženerleri Eşel Wasim we Dharsan Şriniwasan. Emeli aňa esaslanýan täze ulgam hereketlendirijiniň ýagdaýyny, hatda uçarmanyň özüni alyp barşyny-da yzarlaýar. Eger heläkçilik müň metr beýiklikde gutulgysyz bolsa, howpsuzlyk ýassyklary sanaýmaly sekuntda awtomatiki usulda açylyp, tutuş uçary gurşaýar hem-de onuň ýumşak gonmagyna getirýär.
Dünýäni özgertjek taslamalary sylaglamak boýunça abraýly Jeýms Daýson baýragynyň jemleýji tapgyryna çykan täze «akylly ýassyklar» aerodinamiki turbalarda synagdan geçirilenden soňra, täze, şeýle-de hereket edýän uçarlarda ornaşdyrylar diýip, inženerler ynanýarlar.
