Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar Astana dört günlük iş saparyny amala aşyrdylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, sapar Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň çakylygy boýunça guralyp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» (ESGCA) atly taslamasynyň çäginde amala aşyryldy.
Astanadaky seminar 9 — 12-nji sentýabrda geçirilip, Merkezi Aziýa şertlerinde ESG çemeleşmeleriň ulanylyşyna üns çekmeklige, ýokary bilim ulgamyndaky ekologik kynçylyklar we hasabat tejribelerine bagyşlandy. Esasy mowzuklar aşakdakylardan ybarat boldy:
- Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýada ESG we «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş;
- Durnukly ösüş boýunça ekologik ölçegler, audit we hasabatlylyk;
- Howany goramak üçin häzirki zaman tehnologiki çözgütler;
- Bilim we önümçilikde durnukly amaly çemeleşmeler;
- Ekologik meseleleri çözmek üçin ESG boýunça mini-strategiýalary işläp taýýarlamak.
