Ýaponiýanyň ilaty rekord derejede artdy, sebäbi ýurt dünýäde iň uzak ömür dowamlylygyny goldamagyny dowam edýär. Resmi adamlar oňyn ýagdaýy sagdyn durmuş ýörelgesi we ölüm howply keselleriň azlygy bilen baglaýarlar diýip, «rg.ru» ýazýar.
Netijede, gündogar aziýa ýurdy 55-nji gezek täze rekordy goýdy: onuň 100 we ondan ýokary ýaşly ilaty 99763 adama deň boldy, bu geçen ýyldakydan 4644 adam köpdür. Bu görkezijiniň düzüminde zenanlar 88 göterime, ýagny 87784-e deňdir, erkekleriň sany 11979 adama deňdir.
Ýaponiýada uzak ýaşlylyk ýürek-damar we düwnük (rak) keselleriň pes görkezijisi bilen bagly. Munuň sebäbi ýurduň raýatlarynyň balygy we gök-bakja önümlerini köp iýmegi, tersine etden we duzdan gaça durmagy bilen baglanyşyklydyr. Bilermenler şeýle-de ýaponlaryň uzak ömürliligini garrylyk döwründe-de işjeňlik bilen baglaýarlar, olar pyýada gezýärler, jemgyýetçilik ulagynda gatnaýarlar, sport bilen meşgullanýarlar.
