Lezzetli Tamdyr restorany türkmen milli aşhanasynyň tagamyny söýýän ähli myhmanlary hakyky öý tagamlarynyň baýlygy bilen tanyşmaga çagyrýar. Menýuda däp bolan taýýarlanyş usullary boýunça bişirilýän nusgawy tagamlar bar: şireli çorba, hoşboý ysly palaw, ýaňy bişen çörekler, tamdyrda bişirilen etli tagamlar we başga-da köp zatlar hödür edilýär. Şeýle hem «Kellebaşaýak», «Gazan basdy», «Çopan çörek» ýaly milli tagamlar hem-de çişde bişirilen et görnüşleri türkmenleriň tagam däpleriniň hakyky lezzetini janlandyrýar.
Restoran islendik çäre üçin size amatly bolan gurşawy emele getirmegi teklip edýär. Uly toparlar we baýramçylyklar üçin giň umumy zal, dostlar bilen duşuşmak ýa-da romantik agşamlyk üçin bolsa birnäçe adamlyk rahat otaglar bar. Her bir myhman öz islegine görä islendik ýeri: şowhunly we şadyýan umumy zaly ýa-da asuda, rahat otagy saýlap biler.
Lezzetli Tamdyr restoranynyň aýratynlygy — onuň göçme hyzmatynyň hem barlygydyr. Restoran siziň çäräňize göni gelip, dürli tagamlary hödürläp biler: maşgala baýramçylygy, korporatiw çäre ýa-da hususy oturylyşyk bolsun — islendik dabara çagyryp bilersiňiz. Tejribeli we ussat aşpezler öz abzallary bilen gelip, tagamlary ýerinde taýýarlaýarlar, saçaklary bezäp, myhmanlara hyzmat edýärler we hakyky türkmen baýramçylygynyň gurşawyny döretmegi başarýarlar.
Lezzetli Tamdyr bilen siz milli tagamlardan diňe restoranda däl-de, eýsem öýüňizde hem lezzet alyp bilersiňiz — size taýýarlamak we guramak ýaly işler bilen asla meşgullanmak gerek bolmaz. Bu tagamly nahary gadyryny bilýänler we amatlylygy we ýokary derejeli hyzmaty söýýänler üçin iň oňat çözgütdir.
Lezzetli Tamdyr restoranyna gelmek isleýänlere aşakdaky salgyda garaşýarlar: Aşgabat şäheri, senagat zolagy, Mary şäherine ugralýan duralganyň golaýynda, obýezdnoý ýoluň ugrunda.
Goşmaça maglumat we ýeri sargyt etmek üçin şu telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz:
19 07 70, 12 07 70, 10 06 60, (+993 71) 25 26 40, (+993 71) 25 26 41
Sosial ulgamda sahypasy bar.