Indoneziýada Semeru ýanardagynyň (wulkanynyň) täze dört gezek çogandygyny hasaba aldylar diýip, «Antara» habarlar agentligine salgylanýan TASS habar berdi.
Ýanardagyň atylmasy ýurduň merkezindäki Gündogar Ýawa ülkesinde boldy. Onuň merkezinden pürkülen külüň beýikligi 800 metre ýetdi. Ýerli ýaşaýjylara we jahankeşdelere seresap bolmak hem-de ýanardagyň 3 kilometr golaýyna barmazlyk maslahat berildi.
Semeru ýanardagy Indoneziýanyň beýikligi boýunça dördünji uly ýanardagydyr.
