Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän «Dostluk» galla önümleri kärhanasynda her gün 85 — 90 tonna un taýýarlanylyp, önüm öndürmek boýunça her aýyň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirilýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Welaýatyň Kerki, Hojambaz we Köýtendag etraplaryny un bilen üpjün edýän bu kärhanada işçi-hünärmenleriň 440-a golaýy iki iş çalşygynda zähmet çekýär. Kärhanada ýylyň başyndan bäri 18 müň 136 tonna bugdaý täzeden işlenilip,13 müň 602 tonna un öndürilipdir.
Kärhanada diňe bir bugdaýy täzeden işlemeklik bilen çäklenilmän, eýsem, şalyny arassalamak işleri hem ýola goýlupdyr. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde 930 tonna şaly taýýarlanylyp, sarp edijilere ýetirilipdir.
