Çipleriň dünýä söwdasy iýun aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20,6 göterim artyp, 62,1 mlrd dollara deň boldy diýip, Ýarymgeçirijiler senagatynyň assosiasiýasy (SIA) habar berdi. Iýundaky bilen deňeşdirilende, söwdalar 3,6 göterim artdy.
Şunda satuwlar Demirgazyk we Günorta Amerikada iýulda ýyllyk aňlatmada 23,9, Hytaýda 10,4, Ýewropada 5,7, Aziýa-Ýuwaş umman we beýleki sebitlerde 35,6 göterim ýokarlandy.
SIA ýarymgeçirijiler senagatynyň amerikaly wekilleriniň 99 göterimini hem-de beýleki ýurtlardan bolan çip önümçilikçileriň 66 göterime golaýyny özüne birleşdirýär.
Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.
