Hemra suratlary Alýaskada täze adanyň dörändigini görkezdi. Alymlar ony ählumumy maýlama bilen baglanyşdyrýarlar – buzluklaryň eremegi bilen baglylykda, suw öň materik bilen bagly bolan guryýer bölegini gurşapdyr diýip, «IFL Science» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Suwuň temperaturasynyň ýokarlanmagy netijesinde, Alýaskanyň günorta-gündogarynda buzluk tiz eräp başlapdyr. Bu sebitde buzluklar kiçelýärler, buz suwlary bolsa kölleri döredýär.
Täze gury ýer böleginiň meýdany 5 inedördül kilometr bolup, ony Alsek köli gurşaýar.
