Dagystana güýçli çabga düşdi. Mahaçgala we onuň eteklerine eýýäm birnäçe gün bäri dynman ýagyş ýagýar diýip, «MIR 24» habar berýär.
Buýnakskda ýollarda ýüzübermeli. Suw akymlary ulaglary we zibil gaplary syryp äkidýär. Gunib etrabynda şemal hem-de güýçli doly binalaryň üçeklerini döwdi. Elektrik üpjünçiligine zeper ýetirdi. Sumadin etrabynda suw süýşgüni ýollary haraplap, ulag hereketi wagtlaýyn togtadyldy.
Penşenbede Mahaçgala ýene çabga düşdi. Howa maglumatyny yzarlaýjylar süýşgüniň bolmagyny duýdurdylar.
Sebitde güýçli ygallara we doly ýagmagyna garaşylýar. Ýaşaýjylara zerurlyk bolmasa, köçä çykmazlyk, ulaglary baglaryň ýa-da gowşak binagärlik gurluşlaryň ýanynda goýmazlyk maslahat berilýär.
