Ýerde Aýda iri koronal deşigiň peýda bolmagy bilen baglylykda, orta derejeli magnit tupanlaryna garaşylýar diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Älem barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň we Gün-ýer fizikasy institutynyň hünärmenleri habar berdiler. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.
Habarda 2 we 3-nji derejeli magnit tupanlarynyň 13-14-nji sentýabrda başlanjakdygy aýdylýar. Günüň aýlanmagy sebäpli emele gelen koronal deşik netijesinde ýokary tizlikli Gün şemallary Ýeriň orbitasyna takmynan üç günde ýeter diýip, alymlar belleýärler.
