2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy («TIF 2025») geçiriler.
Forumyň taryhynda ilkinji gezek ähli isleg bildirýänler üçin bu çäre sanly görnüşde elýeterli bolar. Bu mümkinçiligi «TIF 2025 Attendee Hub» atly ýörite mobil goşundy üpjün edýär.
Goşundy aşakdakylary üpjün edýär:
- Forumyň doly maksatnamasy we möhüm wakalary bilen tanyşmak;
- Resmi täzelikleri we habarlary yzarlamak;
- Forumyň göwrümini hakyky wagtda görmek – çykyşlar, duşuşyklar, halkara wekiliýetler.
Goşundydan peýdalanmak üçin ýörite hasaba alyş zerur däl — diňe ony ýükläp almak we «Cvent Events» programmasynda «TIF2025TM» koduny girizmek ýeterlik.
Goşundyny şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz:
App Store: https://apps.apple.com/us/app/cvent-events/id1491335576
Google Play: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.cvent.mobile.eventapp&pcampaignid=web_share&pli=1
Ýeri gelende bellesek, halkara foruma gatnaşmak üçin şu wagta çenli 45 ýurtdan 500-den gowrak wekil hasaba alyndy. Forumyň dowamynda halkara derejede 100-den gowrak çykyş göz öňünde tutulandyr. Şol bir wagtyň özünde forumyň 20-den gowrak resmi hemaýatkäri we hyzmatdaşy bar.
Forumyň dowamynda sergi pawilýonlarynyň 10-synda möhüm maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar.
Forumyň ýene bir aýratynlygy ol işewür maksatnamany Hazar deňziniň owadan kenaryndaky dynç alyş bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi «TIF 2025-iň» diňe işewür gepleşikleriň meýdançasy däl, eýsem, ylham we täze ideýalaryň çeşmesi bolup hem hyzmat etjekdigini aňladýar.
