11-12-nji sentýabrda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çagalar ombudsmenleriniň ilkinji halkara forumy geçirilýär.
Forumyň temasy «Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaganyň hukuklaryny goramagyň gurallaryny kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri: çagalar ombudsmenleriniň sebit hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri» diýlip atlandyrylyp, çäräni Özbegistan Respublikasy Oliy Majlisiniň Çaganyň hukuklary boýunça wekili ÝUNISEF-iň (Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy) we ÝHHG-niň (Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy) Özbegistandaky taslamalarynyň utgaşdyryjysynyň goldawy bilen guraýar.
Iki günlük foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çagalaryň hukuklary boýunça wekilleri, şeýle hem Norwegiýanyň, Horwatiýanyň we häzirki wagtda Ýewropa çagalar ombudsmenleri ulgamyna (ENOC) başlyklyk edýän Finlýandiýanyň wekilleri gatnaşýarlar diýip, ÝUNISEF-iň Özbegistandaky wekilhanasy habar berýär.

Çäräniň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çagalaryň hukuklary boýunça wekilleriniň arasynda netijeli dialog we hyzmatdaşlyk üçin sebitleýin platforma döretmekden ybaratdyr. Bu bolsa çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda tejribe alyşmaga, umumy meseleleri ýerlikli çözmäge, sebit we transmilli howplara garşy umumy çemeleşmeleri işläp düzmäge, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çagalar ombudsmenleriniň edaralarynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ýardam eder.
Forumyň netijesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çagalar ombudsmenleriniň çaganyň hukuklaryny üpjün etmek we goramak boýunça sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.
Özbegistanyň başlangyjy bilen guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çagalar ombudsmenleriniň forumy mundan beýläk her ýyl geçiriler. Indiki forumyň 2026-njy ýylda Gazagystanda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Özbegistan Respublikasy Oliy Mejlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa forumyň çäginde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çagalar ombudsmenleri, şeýle hem Norwegiýanyň, Horwatiýanyň we Ýewropa çagalar ombudsmenleri ulgamyna (ENOC) ýolbaşçylyk edýän Finlýandiýanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda aýratynlykda çagalaryň hukuklaryny goramagyň hukuk esaslary we bu ugurda parlament gözegçiliginiň netijeli amala aşyrylýandygy bellenilip geçildi.
Şeýle hem halkara guramalary bilen çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, olaryň teklip edýän çäreleriniň durmuşa geçirilmeginde parlamentiň, döwlet we döwlete dahylly däl guramalaryň işjeň gatnaşmagy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
