Amerikaly işewür Ilon Mask yzygiderli dördünji gezek ABŞ-daky iň baý adam boldy, indi onuň emlägi 400 milliard dollardan geçýär diýip, «Forbes» žurnalyna salgylanýan «Belta.by» belarus portaly habar berdi.
Habarda Maskyň «Tesla» kompaniýasynyň paýnamalarynyň we «SpaceX» hususy raketa kompaniýasynyň hem-de «xAI» emeli aň şahamçasynyň bahalandyrmalarynyň gymmatlamagy bilen baglylykda, 184 mlrd dollar köpelip, 428 mlrd dollara ýetendigi aýdylýar.
Sanawda ikinji orunda şu ýylda 101 mlrd dollar girdeji gazanyp, emlägini 276 mlrd dollara ýetiren «Oracle» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Larri Ellison, üçünji orunda 253 mlrd dollar emläk bilen işewür Mark Sukerberg ýerleşdiler.
«Forbes» neşiriniň hasaplamalaryna laýyklykda, 400 sany baý amerikalynyň umumy emlägi 6,6 trln dollara deň boldy, olar soňky 12 aýda 1,2 trln dollar girdeji topladylar.
