Türkmenistanly ýaşlardan ybarat bolan wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilýän «BeregA» atly halkara foruma gatnaşýar. Forumda türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda Russiýanyň dürli künjeklerinden gelen ýaşlar hem-de Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Belarusuň we Abhaziýanyň ýaşlar topary gatnaşýar. Olaryň hatarynda «Turkmenportal» web saýtynyň wekilleri hem bar.
Forum eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda hereket edip, özünde birnäçe mowzuklar boýunça interaktiw okuw sapaklary, täsirli duşuşyklarydyr gyzykly gezelenç pursatlaryny jemleýär.
Forumyň ilkinji günlerinde oňa gatnaşyjylar Astrahan şäherinden akyp geçýän Wolga derýasynyň kenarýaka gözel ýerlerine, Kaspiýsk deňiz we derýa ulaglar insitutyna, Astrahanyň döwlet opera we balet teatryna baryp gördüler.
Türkmen ýaşlarynyň wekiliýetiniň Astrahan şäherine iş sapary dowam edýär.
