Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji noýabrda döwlet sapary bilen Russiýa barar. Bu barada Respublikanyň Moskwadaky ilçisi Dauren Abaýew habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Bu halkara ikitaraplaýyn çäräniň iň ýokary görnüşidir. Biz oňa örän uly ähmiýet berýäris» diýip, gazak diplomaty aýtdy.
Öň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin rus-gazak hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini nygtapdy.
