Müsürli suratkeş Abanub Bebaui bir wagtda hem elleri, hem-de aýaklary bilen çekýän suratlary arkaly meşhurlyk gazandy. Bu ussatlygy ele almak üçin oňa üç ýyl yhlasly türgenleşmek gerek boldy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Suratkeş Abanub Bebaui: «Bir wagtda ellerimi we aýaklarymy peýdalanmak arkaly surat çekmek pikiri 2019-njy ýylda kelläme geldi. Men şonda töweregimdäki adamlardan bu barada gyzyklandym, olar munuň mümkin däldigini aýtdylar. Olar beýniniň bir wagtda myşşa we akyl babatda çözgütleri kabul edip bilmejekdigini aýdýardylar. Olar bu asla mümkin däl diýseler-de, ýan bermedim».
Indi müsürli nakgaş bu usul arkaly bir wagtda iki eser döredýän ilkinji suratkeş hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek isleýär.
